Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
610
19.03.2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişine girişmek we ekiş möwsümini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bugdaý meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Welaýatda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem welaýatda suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we gowaça ekişine guramaçylykly girişilmegini, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişine başlamak we bu möwsümi talabalaýyk geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek, dowarlaryň baş sanyny artdyrmak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatda suw serişdelerinden tygşytly we netijeli peýdalanmak arkaly ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär.

Häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we gowaça ekişine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatyň ak ekin meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ekiş möwsümini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur guramaçylyk çäreleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk soganyň ekişi tamamlanyp, häzirki wagtda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär, gögeriş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, beýleki azyklyk ekinleriň ekiljek meýdanlaryna suw tutulýar.

Sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary talabalaýyk idetmek boýunça ähli zerur işler ýerine ýetirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda örän jogapkärli möwsümiň başlanýandygyna ünsi çekdi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini, bugdaýa, beýleki ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berlendigi, welaýatyň ýaşaýjylaryna döwrebap ýolagçy awtobuslaryň sowgat edilendigi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurduryp berendigi üçin welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygyny bildirdi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine başlamak, ekişi guramaçylykly geçirmek we bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda hem ideg işleri dowam edýär. Sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini talabalaýyk geçirmek üçin amatly şertler döredilip, bu hojalyklaryň öri meýdanlarynda zerur işler ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk, gazuw işleri dowam etdirilýär.

Häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardaky hem-de desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda gowaça ekişine girişmek boýunça dowam edýän guramaçylyk işlerine ünsi çekdi we bu jogapkärli möwsümiň talabalaýyk geçirilmegini, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda degişli ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we möwsümi ýokary derejede geçirmek üçin ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalary we gurallar, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlary möwsüme doly taýýar edildi. Şeýle hem şu günler welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine hem taýýarlyk görülýär.

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak, mallary talabalaýyk idetmek, dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, oba hojalyk ekinlerine berilýän suwy tygşytly peýdalanmak, howdanlara suw toplamak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak babatda hem degişli işler geçirilýär. Häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekişine ýokary guramaçylyk derejesinde girişilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlaryna gowaça ekişine ak pata berendigi üçin ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gowaça ekişine başlamak üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlary möwsüme doly taýýar edildi. Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şu günler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi dowam edýär.

Ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary talabalaýyk idetmek, mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Häzirki wagtda welaýatlarda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, howdanlarda suw toplamak işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň — gowaça ekişiniň ýetip gelendigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda 27-nji martda başlanjak bu möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen güni bilen hem-de ýetip gelýän Milli bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň rowaçlygynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.


18.03.2024, TDH