Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
891
01.05.2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur işler dowam etdirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar. Welaýatdaky galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bu ekinleriň ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde, şeýle hem bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi tamamlanyp, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa ideg etmek, hatarara bejergi işleri geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary we galla kabul ediş kärhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek maksady bilen, olara ideg işleri geçirilýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýüpek gurçugyna ideg işleri dowam etdirilýär.

Häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belledi we gowaça, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kabul edilen milli maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl üçin welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edýär. Ekiş möwsümini ýokary hilli geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, otag, ýekelemek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak we bökdençsiz kabul etmek maksady bilen, häzirki wagtda galla oragy möwsümine taýýarlyk görülýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk bolmagynyň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam etdirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlygyň çäklerinde welaýatda galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar möwsüme taýýar edildi we däne ýygýan kombaýnlary, bugdaýy daşamakda ulanyljak awtoulaglary hem-de beýleki tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir hatarda, ýetişdirilen soganyň hasyly ýygnalyp alynýar. Pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri geçirilýär.

Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardaky hem-de desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmelidiginiň zerurdygyny belledi we gowaça ekişiniň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri alnyp barylýar. Ekişde, ideg işlerinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylyp, doly güýjünde işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragy möwsümine hem taýýarlyk görülýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we beýleki awtoulaglary, tehnikalary möwsüme taýýar etmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda pile möwsümi dowam edip, häzirki wagtda pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan gowaça ekişi alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary we bugdaý ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Diýarymyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek, olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Ýurdumyzda piläniň öndürilişini artdyrmak we bu möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin häzirki wagtda welaýatlarda pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Watanymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralara beslenip, giňden bellenilip geçilendigini aýtdy we bu baýramçylyk mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmaga, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga, atçylyk pudagyny döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge döredýän ajaýyp şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza, Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

29.04.2024, TDH