Hormatly raýatlar!
863
14.06.2024

        Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek maksady bilen «Magtymguly Pyragy» atly täze möhletli goýumyny hödürleýär.

      «Magtymguly Pyragy» atly möhletli goýumy ýyllyk 11 (on bir) göterim bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar, şeýle hem goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär. Şertnamanyň hereket edýän möhleti tamamlanandan soňra goýumçynyň talaby boýunça pul serişdeleri nagt ýa-da nagt däl görnüşinde gaýtarylýar. 

        Hormatly raýatlar! «Magtymguly Pyragy» atly möhletli goýumyň 2024-nji ýylyň 30-njy iýulyna çenli açylýandygyny ýatladýarys. Goşmaça maglumat almak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz. 

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
38-03-30, 38-03-34, 38-02-23, 38-01-37.
www.dayhanbank.gov.tm