Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy
VROdW9fL8HRFztvFcdhayLb0DbIyCDkoU0esJflbWnqWQkI4ve_1624512436.jpg
200
24.06.2021

Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň gündogar sebitinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine bagyşlanan konsert hem boldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze howa menziliniň ulanylmaga berilmegi yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.

Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän Kerki şäheri Lebap welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň senagat hem ulag düzümleriniň işjeň kemala gelýän merkezleriniň biridir. Gadymy döwürlerden bäri Türkmenistany Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň söwda hem-de medeni ýollaryny baglanyşdyran “ýedi ýoluň çatrygy” diýip atlandyrypdyrlar. Ýurdumyzyň çäklerinden adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde ägirt uly orun eýelän Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Şoňa görä-de, döwrebap transkontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzir ady rowaýata öwrülen bu ýoly täze görnüşde gaýtadan dikeldýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä jemgyýetçiliginiň ykraryna we goldawyna eýe bolýan netijeli başlangyçlary sebit we ählumumy derejede abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak ugrunda ýurdumyzyň örän uly ulag-üstaşyr kuwwatyny amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara ölçeglere laýyk gelýän, ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan ugurdaş multimodal düzümler döredilýär. Şeýle hem raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berlip, iň täze uçarlar we dikuçarlar satyn alynýar, ýokary derejeli işgärler taýýarlanylýar, ozalky bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar hem-de täzeleri gurulýar. 2010-njy we 2018-nji ýyllarda Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde Halkara howa menzilleri ulanylmaga berildi. 2016-njy ýylda bolsa Aşgabadyň Halkara howa menziliniň täze toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ine, ýene-de bir döwrebap howa menzili guruldy. Bu bolsa howa arkaly ýük we ýolagçy gatnawlaryny has-da işjeňleşdirmäge ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça döwrebap ulag-logistika merkezleriniň gurulmagy örän baý tebigy serişdelere eýe bolan, geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Irden milli Liderimiziň dikuçary Kerki şäheriniň Halkara howa menziliniň çäginde gonýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagynda dabaralaryň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Täze howa menziliniň çäklerinde uly baýramçylyk we ýokary ruhy göteriliş dabaralanýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşylaýarlar.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Laçyn” döredijilik toparynyň hem-de ýaş artistleriň joşgunly ýerine ýetiren owadan aýdym-sazly tansly çykyşy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary mübärekläp, ýörite gurnalan münbere geçýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara we watandaşlarymyza ýüzlenip, şu gün gadymy Lebap topragyda welaýatyň zähmetsöýer hem-de bagtyýar ilaty bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde birnäçe desgalaryň açyljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dabarasy uludan tutulýan Medeniýet hepdeliginiň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, onuň çäklerinde guralýan çärelerde halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhunyň we döredijilik güýjüniň aýdyň beýanyny tapýandygyny nygtady.

Biziň medeni gymmatlyklarymyz her bir türkmen üçin mukaddesdir hem-de buýsanç çeşmesidir. Türkmen tebigaty halkymyzyň ruhy dünýäsiniň gönezligidir, medeniýetimiziň we sungatymyzyň kämillik gözbaşydyr. Örküni türkmen tebigatyndan, görküni halkymyzyň döredijilik ylhamyndan alýan milli medeniýetimiziň taryhy gadymydyr we şöhratlydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, artistleriniň, kitaphanadyr muzeý, kinodyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we neşirýat işgärleriniň, aýdym-saz, folklor, tans toparlarynyň döredijilik mümkinçiligini, hünär ussatlygyny açyp görkezýän, bu ugurda ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýýan sungat baýramydyr.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi hem-de täze «Aşgabat-sitiniň», ençeme täze desgalaryň düýbi tutuldy. Şu gün bolsa Lebap welaýatynda köp sanly iri desgalar açylyp ulanmaga berilýär. Bu işleriň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Garaşsyz ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça döwlet syýasatymyz barha rowaçlanýar. Biz gözel Diýarymyzyň gündogar sebitiniň hem ykdysady, senagat, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, medeniýet we beýleki ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigine buýsanýarys.

Lebaply edermen gallaçylar şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny hem abraý bilen ýerine ýetirdiler. Galla biziň baýlygymyz we berekedimizdir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ajaýyp üstünlik bilen welaýatyň daýhanlaryny we ähli ilatyny tüýs ýürekden gutlady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýäris. Şu gün Kerki Halkara howa menziliniň açylmagy hem munuň ýene-de bir aýdyň şaýadydyr. Täze Halkara howa menzilini «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda «Gündogdy» hususy kärhanasy bina etdi. Onuň ýolagçy terminaly iki gatdan ybarat bolup, bu ýerde ähli amatly şertler döredildi.

Sebitiň iri senagat merkezleriniň biri bolan Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň gurulmagy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňelder, howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagy we ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmagy üpjün eder, sebitde syýahatçylygy ösdürmek, goňşy döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döreder.

Şu gün Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasy açylar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Garaşsyz Watanymyzyň sebitlerinde gurulýan binalaryň daşky hem-de içki bezegleriniň her welaýatyň aýratynlygyna laýyk gelmegine uly üns berilýändigini belledi.

Ak öý bolsa döwletlilik ojagydyr. Abadançylygyň, gülläp ösüşiň we türkmen myhmansöýerliginiň nyşanydyr. Türkmenabat şäheriniň görküne görk goşýan 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasy, nesip bolsa, şanly seneleriňdir toý-dabaralaryň merkezine öwrüler. Bu bina dört gatdan ybarat bolup, beýikligi 40 metre ýetýär. Onuň gatlarynda edara otaglary, giň eýwanlar, konsert zallary we beýleki otaglar bar.

Bu ýerde döwletli maslahatlarydyr şowhunly çykyşlary, şol sanda meşhur at üstündäki oýunlary guramak üçin hem şertler döredildi. Şeýle hem üç müň orunlyk sadaka jaýy guruldy.

Äpet ak öýüň şekilindäki binada milli binagärlik däpleri bilen häzirki döwrüň ösen tejribesi utgaşdyryldy. Onuň içi hem milli aýratynlyklara görä bezeldi. Hususan-da, haly gölleri, türkmeniň ak öýlerine mahsus tärimler şekillendirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň mekanydyr. Biziň çagalarymyz ertirki günümize ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr we şöhrat-şanymyzdyr. Çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagy durmuş ulgamyna gönükdirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Şu şanly toý günlerinde Farap etrabynyň Farap şäherinde «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezi hem açylyp, ulanmaga berler. Goý, bu medeni-dynç alyş merkezinde şadyýan çagalarymyzyň gülki sesleri belent ýaňlansyn! Garaşsyz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz hakdaky aladadyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Binagärlik müňýyllyklaryň ýaňy hasaplanýar. Şu ajaýyp binalar hem döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadan durmuşynyň nyşanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemledi.

— Geliň, indi bolsa, bilelikde Kerki şäherindäki Halkara howa menzilini açyp, ulanmaga bereliň — diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

— Nesip bolsa, bu ýerde ilkinji gezek iň ýokary derejeli uçarlar uçup-gonup başlar, täze desga halkymyza ýokary derejede hyzmat eder.

Bagtyýar türkmen ilinde toýlar toýa ulaşýar. Bu gün hem biz goşa toýa şaýat bolýarys — diýip, milli Liderimiz aýtdy. Öý tutmak, toý tutmak — döwletlilikden nyşan. Halkymyz gelnalyjyny ýagşy niýetler, ak arzuwlar bilen ýüze sylýar.

Ine, bu ýere gelnalyjy hem gelipdir. Az salymdan laçyn nyşanly uçarlaryň biri täze gelin bilen Kerkiden Türkmenabada tarap ýola düşer. Ene-mamalarymyz türkmeniň däp-dessury esasynda uçara ak un sepip, alaja dakarlar.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylmagy, täze ulanylmaga berilýän döwletli desgalar bilen hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, bereketli türkmen topragynda şeýle toý-dabaralaryň köp bolmagyny arzuw etdi.

Dabaraly pursat ýetip gelýär: çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynda dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär — Kerki Halkara howa menzili açyldy!

Milli Liderimiz ýolagçy terminalyna girýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy howa ulaglarynyň işgärleriniň lybasyndaky çagalar joşgunly çykyşlary bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen mähirli görşüp, howa menziliniň ugradyş zalynyň hasaba alyş bekedine gelýär.

Şu ýerde döwlet Baştutanymyza dabaraly ýagdaýda Kerki Halkara howa menziliniň ilkinji ýolagçy münüş petegi hem gowşuryldy.

Howa menzili toplumy ähli ugurlar boýunça halkara ölçeglerine hem-de bildirilýän talaplara kybap gelýän ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi.

Şäheriň ýerleşýän ýagdaýyny göz öňünde tutanyňda, aýratyn-da, sebitiň ýurtlarynyň milli ykdysady ösüş meýilnamalaryny we ulag taýdan özara baglanyşygynyň ýokarlanýandygyny nazara almak bilen, Merkezi we Günorta Aziýada täze howa menziliniň geostrategik ähmiýeti artýar. Şeýlelikde, Kerkiniň howa menzili Ýer ýüzüniň şu böleginde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edip, dost-doganlygyň özboluşly howa köprüsine öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň buýurmasy boýunça bu möhüm desganyň gurluşygyny “Gündogdy” hususy kärhanasy amala aşyrdy. Geçirijiligi sagatda 100 ýolagça niýetlenen täze howa menziliniň taslamasy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalar we öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi.

Beýikligi 31,7 metr dolandyryş diňi bolan, umumy meýdany 2 müň 221 inedördül metr ýolagçy terminalynyň binasynyň keşbinde özboluşly bezeg we inžener-tehniki çözgütler beýanyny tapdy.

Terminalyň zallarynyň beýikligi 6 metrden 9 metre çenli bolup, aýnalary tutuşlygyna ultramelewşe goraglylygyna eýedir, olaryň bezeginde ýokary hilli durnukly serişdeler ulanyldy. Binada baş girelge göz öňünde tutulyp, onda ýük we el goşlary tabşyrylýan ýer, ilkinji gözden geçiriliş ýeri, petek kassalary, maglumat nokady, garbanyşhana, sowgatlyk önümler we gazet-žurnallar satylýan nokatlar, dermanhana, lukmançylyk otagy, gidýän ýolagçylaryň we ugradýan adamlaryň garaşýan ýeri ýerleşdirilipdir.

Gidiş zaly 120 orna niýetlenendir. Bu ýerde enäniň we çaganyň otagy, kafeteriý we namaz okalýan otag bar. Ol üpjün etmekde dolulygyna özbaşdakdyr. Şeýlelikde, terminalda fiziki mümkinçiligi çäkli bolan adamlar bilen birlikde, ähli ýolagçylar üçin has oňaýly ýagdaýlar döredilipdir. Mümkinçiligi çäkli adamlara oňaýly rampalar we panduslar, bosagasyz geçelgeler göz öňünde tutulypdyr.

Dabaranyň barşynda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly dabara gatnaşýan halkara guramalaryň we düzümleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny diňledi.

Ilkinji çykyş eden Howa ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA) Türkiýe, Orta Aziýa we Azerbaýjan boýunça sebitleýin menejeri Funda Çalyşyr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halky bilen bu wakanyň şatlygyny paýlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hanym Funda Çalyşyr Kerkiniň Halkara howa menzilini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, IATA-nyň Türkmenistanda dünýä üçin ýene-de bir howa derwezesiniň açylmagyny mübärekleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, täze howa menziliniň ulag ulgamynyň mundan beýläk-de howpsuz, ygtybarly we durnukly ösmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Nygtalyşy ýaly, şu günki waka Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhynda örän möhümdir. Kerkiniň Halkara howa menziliniň açylmagynyň geljekki onýyllyklar üçin bu pudagy ösdürmegiň milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir.

IATA täze howa menziliniň işinde üstünlikler arzuw edýär we Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmekde goldaw bermäge hemişe taýýardyr diýip, hanym Funda Çalyşyr sözüniň ahyrynda aýtdy hem-de ýurdumyza ýene-de bir gezek gelip görmek we döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.

Soňra Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) Aeronawigasiýa býurosynyň monitoring we gözegçilik boýunça direktorynyň orunbasary Denis Gindon çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimizi täze howa menziliniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhyndaky bu möhüm waka göni aragatnaşyk arkaly gatnaşýandygyna örän şatdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, biziň ýurdumyz raýat awiasiýasy babatda işleri düzgünleşdirýän Halkara Çikago Konwensiýasy boýunça öz üstüne alan ähli borçnamalaryny ýerine ýetirýär, howa menzilleriniň we howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, ekipažlary we ýerüsti düzümi döretmek boýunça halkara standartlaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.

ICAO-nyň wekili bu guramanyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini we bu ugurda, şol sanda howa menzilinde ulanyş boýunça tehniki hünärmenler hem bilermenler üçin okuw maksatnamalaryny amala aşyrmaga goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Kerki şäherinde täze üpjünçilik enjamlary bolan howa menzili toplumynyň ulanylmaga berilmegi bu myhmansöýer welaýatdan howa arkaly daşaýyşlary ösdürmäge güýçli itergi berer.

Halkara Raýat awiasiýasy guramasy türkmen hyzmatdaşlaryna howpsuz uçuşlary, Türkmenistanyň ulag pudagynyň ykdysady taýdan durnukly ösmegini arzuw edýär diýip, jenap Denis Gindon sözüniň ahyrynda aýtdy we dabara gatnaşyjylaryň ählisini şanly waka mynasybetli ýene-de bir gezek gutlady.

Soňra Mýunhen Halkara howa menziliniň dolandyryjy direktory Ralf Gaffal çykyş etdi. Ol döwlet Baştutanymyzy we dabara gatnaşýanlary Kerki Halkara howa menziliniň gurluşygynyň tamamlanmagy we açylmagy bilen gutlady. Munuň özi sebitde ýolagçy gatnadylmagyny we ýük daşalyşyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Jenap Ralf Gaffal göni wideoaragatnaşyk arkaly şu möhüm waka gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Mýunhen Halkara howa menziliniň “Türkmenhowaýollary” agentligine howa menzillerini dolandyrmak we netijeliligini ýokarlandyrmak, awiakompaniýalaryň marketingi, degişli hünärmenleri taýýarlamak ýaly we beýleki ugurlar boýunça strategik başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Mýunhen Halkara howa menziliniň dolandyryjy direktorynyň nygtaýşy ýaly, Halkara raýat awiasiýasy baradaky Konwensiýanyň 14-nji goşundysyna laýyklykda, Kerki howa menziliniň sertifikasiýalaşdyryş standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklamak özi üçin uly hormatdyr.

Sözüniň ahyrynda jenap Ralf Gaffal Kerki Halkara howa menziliniň işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu howa menziline degişli güwänama gowşuryldy.

Şunuň bilen baglylykda, Kerki Halkara howa menziline ýerleşýän ýeriniň dört harply UTAE koduny bermek hakyndaky resminamanyň hem-de Mýunhen Halkara howa menzili tarapyndan berlen halkara ülňülerine esaslanyp gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasynyň gowşurylandygyny bellemek gerek.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň çykyşlary tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we dabara gatnaşyjylar “Boeing 777-200LR” kysymly täze uçaryň hem-de harby-ulag uçarynyň Kerki howa menziline gonuşyna syn etdiler.

Soňky ýyllarda iň täze uçarlaryň we dikuçarlaryň hasabyna ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki parky yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň harby-howa güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady hem pugtalandyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Harby doktrina yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Howa gämileriniň serkerdeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berýärler. Milli Liderimiz hasabatlary kabul edip hem-de olary täze howa menziliniň açylmagy bilen gutlap, uçarmanlara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Howa menziliniň emeli uçuş-gonuş zolagynyň (EUGZ) häzirki zaman duýduryş, ornitologiki, radiotehniki, nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek.

Aerodromyň meýdany 42 müň 282 inedördül metre barabardyr. Bir wagtyň özünde ol duralga uly uçarlaryň 2-sini hem-de dikuçarlaryň 4-sini kabul edip bilýär. Onuň düzümine, şeýle hem halas ediş we ýangyna garşy göreş gullugynyň binasy, tehniki bölüm, geçiriş nokady, ýörite awtoulaglar üçin garaž, beýleki kömekçi desgalar girýär.

Howa menziline ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy. Toplumyň düzüminde, şeýle hem menzile ýanaşyk meýdança, ýolagçylar hem-de howa menziliniň işgärleri üçin niýetlenen ýeňil awtoulaglaryň duralgasy bar.

Bir söz bilen aýdylanda, Kerkiniň Halkara howa menzili häzirki döwrüň talaplaryna hem-de halkara ülňülerine, ilkinji nobatda bolsa, uçuşlaryň howpsuzlygyny we ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek babatdaky talaplara laýyk gelýär.

Şeýlelikde, täze howa menziliniň işläp başlamagy bilen, milli awiasiýanyň ösüşine ýene-de bir kuwwatly itergi berildi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary, köptaraply döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlary üçin uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz CIP zalyna barýar we şu günki waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrýar.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň zähmet toparynyň adyndan döwlet Baştutanymyza elde dokalan ajaýyp haly sowgat berildi.

Kerkiniň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Türkmenabat şäherine ugramak üçin “Boeing 777-200LR” howa gämisine bardy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz täze uçarda Kerkiden Lebap welaýatynyň merkezine ugraýan ýaş çatynjalara ak pata berdi.

Kerki — Türkmenabat ugry boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrýan uçarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çatynjalar hem-de olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy.

Ýaş juwanlaryň ene-atalary döwlet Baştutanymyza halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Milli Liderimiz olary we ýaş çatynjalary şanly waka bilen gutlap, ýaşlara maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Uçarda ýaş çatynjalaryň durmuş toýy mynasybetli guralýan dabara dowam etdi. Asylly däbe görä, hemmelere toý sowgatlary gowşuryldy we süýji nygmatlar hem-de pişme hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz bagtyýar ýaşlaryň toýuna çagyryldy.

Uçuş mahalynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki parkynyň üstüni ýetiren täze uçaryň tehniki häsiýetnamalary bilen gyzyklandy. Uçarda ýolagçylar üçin has oňaýly şertler üpjün edildi.

Türkmenabadyň Halkara howa menziline gelenden soň, milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çatynjalar bilen hoşlaşyp, olara ýene-de bir gezek bagt we maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Şu şatlykly günüň ýaş çatynjalar hem-de olaryň ýakynlary üçin aýratyn ýatdan çykmajak waka öwrülendigi şübhesizdir.

Şol wagtda gelnalyja mahsus bolan milli dessurlar berjaý edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan giň gerimli we asylly işleriniň netijesinde, Türkmenistanda ata-babalarymyzyň parasatly däplerini, halkymyzyň ruhy-ahlak we maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamaga hem dowam etdirmäge uly üns berilýär. Häzirki wagtda şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar geljegi, maşgala ojaklarynyň berk bolmagy üçin ähli tagallalar edilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, jemgyýetimiziň esasy bolan maşgalany goldamak Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu syýasatyň çuňňur many-mazmuny “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda jemlenendir.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, awtoulagda howa menzilinden Türkmenabadyň köpugurly hassahanasyna tarap ugrady.

Hassahananyň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri mähirli mübäreklediler.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän nesil baradaky, onuň saglygy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň her bir etrabynyň hassahanalarynyň çagalar bölümi üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek bilen bagly çözgüdi barada habar berdi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze ýörite ulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan “Tiz kömek” awtoulaglarynyň üpjünçiligi bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz lukmanlaryň biri bilen bolan söhbetdeşlikde halkymyzyň, aýratyn hem ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek meseleleriniň mundan beýläk hem döwletiň üns merkezinde boljakdygyny nygtady we lukmanlara olaryň asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize ýaş nesil baradaky alada we ýurdumyzyň lukmançylygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina Türkmenabadyň täze binagärlik gymmatlygyna öwrüldi.

Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy.

Şu gün bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar we mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz binanyň ýanyna barýar. Onuň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň gündogar sebitiniň birleşen döredijilik toparlarynyň köpöwüşginli sahna çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şu ýyl welaýatda däp bolan Medeniýet hepdeligi geçirilýär.

Milli Liderimiz bäş welaýatyň we paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri bilen bilelikde, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we täze ajaýyp binany açýar.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň ak öýüniň” içine girýär. Şol ýerde Lebap welaýatynyň milli saz gurallary topary milli Liderimizi joşgunly çykyşlary bilen garşylaýar.

Bu ýerde giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda milli amaly-haşam sungatynyň we döredijiliginiň, halk senetleriniň önümleri görkezildi. Bu sergi türkmen halkynyň köptaraply döredijilik zehininiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz binanyň bezeginiň aýratynlyklary hem-de umumymilli we halkara ähmiýetli dürli çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.

“Türkmeniň ak öýi” ähli görkezijiler babatda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu bina döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Binanyň içki bezegi özboluşlylygy hem-de milli öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Desganyň bezeginde haly gölleri, türkmen ak öýlerine mahsus bolan bezeg usullary ulanyldy.

Binada dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň akustiki ulgamlary we beýleki zerur enjamlary bilen üpjün edilen uly tomaşalar jaýy ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde giň eýwan, iş, edara we beýleki otaglar bar.

“Türkmeniň ak öýi” uly toplumdan ybaratdyr. Ol özüne sadaka jaýyny, dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki bölümi we beýleki desgalary birleşdirýär.

Binanyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi. Bu ýerde pürli hem-de bezeg agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, bina barýan ýol çekildi.

“Türkmeniň ak öýi” ýurdumyzyň şähergurluşygynyň häzirki talaplaryny hem-de milli binagärligiň aýratynlyklaryny nazara almak arkaly guruldy. Bu giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagy türkmen halkynyň özüniň taryhy-medeni mirasyna aýawly garaýandygynyň, döwürleriň arabaglanyşygynyň hem-de gadymdan gelýän milli däpleriň dowamatlylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Täze desga bilen tanşanyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomaşalar jaýyna bardy. Şol ýerde bu ajaýyp waka mynasybetli Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

“Türkmeniň ak öýünde” emele gelen ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy türkmenistanlylaryň günsaýyn rowaçlanýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanyna hakyky buýsanjynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Bu konsert žanrlaryň hem-de çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy. Olarda ýurdumyzyň medeniýetiniň baý kuwwaty öz beýanyny tapdy. Çykyşlarda eziz Watanymyz hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň başyny başlan milli Liderimiziň beýik işleri, mähriban topragymyzyň gözelligi, müdimi adamzat gymmatlyklary wasp edildi.

Konsert “Arkadagly ýurduň milli sungaty” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Soňra meşhur we ýaş artistler, ýurdumyzyň döredijilik toparlary aýdymlary hem-de tanslary ýerine ýetirmekde, hor we folklor sungatynda öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy hem tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Ýurdumyzda uly hormat-sarpa mynasyp bolan bu topar onuň çäginden daşarda-da giňden meşhurdyr. “Galkynyş” topary özüniň ajaýyp çykyşlary bilen dünýäde türkmen halkynyň täsin mirasyny giňden wagyz etmäge saldamly goşant goşýar. Ajaýyp ahalteke bedewleri bolsa halkymyzyň buýsanjydyr.

Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen atçylarynyň topary abraýly halkara bäsleşikleriň birnäçesine gatnaşyp, köp sanly baýraklara mynasyp boldy. “Galkynyş” topary at çapmakda, dürli we täsin tilsimleri ýerine ýetirmekde ussatlyk görkezip, daşary ýurtlaryň tomaşaçylaryny haýran galdyrdy. Toparyň daşary ýurtlarda üstünlikli çykyş etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Biziň atçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri, olaryň tomaşaçylary haýran galdyrýan ajaýyp çykyşlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň atçylyk sungatynyň gadymdan gelýän däplerini aýawly saklamaga we dowam etdirmäge, atly sporty ösdürmäge hem-de meşhur behişdi bedewleriň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmaga hemişe uly üns we goldaw berýändiginiň aýdyň netijesidir.

Konsert maksatnamasyna gadymy “küştdepdi” tansy hem girizildi. Bu tans täze taryhy eýýamyň döredijilik kuwwaty bilen baýlaşdyryldy. Ol döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygyny alamatlandyrdy.

Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde “Alkyş Size, Arkadag!” atly aýdym ýaňlandy. Bu aýdym türkmen halkynyň özüniň milli Lideri bilen bitewüdigini aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Watanymyz deňsiz-taýsyz üstünliklere we ösüşe eýe boldy.

Konsert tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Bu ýerde milli Liderimize “Türkmeniň ak öýi” binasynyň şekili sowgat berildi.

Şu günki waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda gurlan “Türkmeniň ak öýüne” täze awtoulag serişdesini sowgat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.

Sadaka tamamlanandan soň, milli Liderimiz ýygnananlar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Şol gün döwlet Baştutanymyz Aşgabada gaýdyp geldi.

Şeýlelikde, şu gün Lebap welaýatynda geçirilen dabaralar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysyna täze ajaýyp wakalar bolup girdi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda nobatdaky möhüm desgalaryň açylmagy eziz Watanymyzyň seçip alan parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzy şu ýol bilen ynamly öňe alyp barýar.

(TDH 23.06.2021 ý.)