Milli manat — durnukly ösüşiň kepili
F7N47dwPzup488mPyM5JH4AjnnOHgUH0RFzrGTkuhjEa88lSQR_1635513187.jpg
114
29.10.2021

Şu ýyl — «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda döwlet Garaşsyzlygymyza 30 ýyl doldy. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysady, maliýe-bank, medeni-ynsanperwer, senagat, umuman, jemgyýetiň ähli ulgamlarynda üstünlikli ädimleri ätdi. Garaşsyz döwlet bolmagyň ykdysady esaslary pugtalandyrylyp, milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan seneleriň biri hem 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrydyr, çünki bu senede türkmeniň buýsanjy we guwanjy bolan milli pul birligimiz bolan manadyň, dolanyşyga girizilen günüdir. Bu şanly sene türkmen halkyna, sözüň doly manysynda ykdysady Garaşsyzlygy berdi. Şol wagtdan başlap biziň ýurdumyzda özbaşdak ykdysady syýasat we onuň düzüm bölegi bolan: pul-karz, býujet-salgyt, maliýe, nyrh syýasatyny işläp düzmäge we üstünlikli durmuşa geçirmäge hukuk gazanyldy. Şeýlelikde, bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi netijesinde bazar ykdysadyýetine geçmekligiň milli nusgasy işlenilip düzüldi.

Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmeklikde aýratyn orun pula degişlidir. Ýurtda  hereket  edýän puluň durnukly, hümmetli, satyn alyjylyk ukybynyň ýokary bolmagy bazar ykdysadyýetine  üstünlikli  geçmäge ähli zerur bolan amatly şertleri döredýär we ýurdumyzda kabul edilýän ähli Maksatnamalar muňa amal etmäge mümkinçilik berýär.

Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi öz gezeginde döwletimiziň durmuşa nazarlanan ykdysady syýasatyny işläp düzmäge we üstünlikli amala aşyrmaga zerur bolan ähli amatly şertleri döretdi, şeýle-de täze wezipeleri öňde goýdy. Şolaryň hatarynda ykdysady we maliýe pudaklarynyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýurtda hereket edýän puluň kadaly aýlanyşygyny ýola goýmak, puluň durnuklylygyny üpjün etmek, milli pulumyzyň daşary ýurt puluna bolan gatnaşygyny dogry kesgitlemek, salgyt syýasatyny kämilleşdirmek, amatly eksport we import amallaryny ýerine ýetirmek ýaly meseleler bardy.

Puluň kadaly hereketini ýola goýmak, durnuklylygyny üpjün etmek köp derejede onuň haryt üpjünçiligine we hyzmatlar ulgamynyň işjeňlik derejesine baglydyr. Bu meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen,  biziň ýurdumyzda köp sanly ulgamlaýyn we toplumlaýyn çäreler geçirildi. Muňa mysal edip, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan manadyň tapgyrlaýyn denominasiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha berkemegini, halkymyzyň bolelinlikde, bagtyýar durumuşda ýaşamagyna uly ýardam etdi.

Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen durnukly ösdürilýär, bazar gatnaşyklaryna ynamly geçilýär, işewürleriň ýokary netijeli işlemekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Milli manadymyz ykdysadyýeti ösdürmekde, öňümizde goýan beýik maksatlarymyza ýetmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda möhüm serişdeleriň biridir» diýen çuň manyly, parasatly sözleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň barha uly sepgitlere tarap okgunly ugur alýandygyny mälim edýär.

Bank ulgamy tarapyndan pul dolanyşygy ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan bank kartlaryny ornaşdyrmak we amallary menzilara dolandyrmak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi nagt däl hasaplaşyklaryň has kämil görnüşlerini bank önümçiligine ornaşdyrmak we ýerlerde ýeterlik möçberde bankomatlaryň, töleg terminallarynyň oturdylmagyny ýola goýmak bilen üznüksiz baglanyşyklydyr. Elektron töleg ulgamynyň ornunyň barha ýokarlanmagy diňe bir tölegleriň tiz wagtda amala aşyrylmagyna mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, serişdeleri tygşytlamaga we tölegleriň goraglylygyny üpjün etmäge ähli amatly şertleri döredýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginli, durnukly ösýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamy sanlylaşdyrylýar. Olara mysal hökmünde, «Internet bank», «Mobil bank» ulgamlary arkaly raýatlaryň bank kart hasaby boýunça amallary giňeltmek, banklaryň menzilara bank hyzmatlaryny döwrebap maglumat howpsuzlyk arkaly has-da kämilleşdirmek, müşderileriň bank hasaplaryny karz edaralaryna barmazdan menzilara dolandyrmak bilen baglanyşykly düýpli işleri görkezmek bolar.

Türkmen milli manady diňe bir ykdysady kuwwatymyzyň görkezijisi däl-de, eýsem, milli Tugumyz, Tugramyz, senamyz ýaly döwlet Garaşsyzlygymyzyň, milli erkinligimiziň mukaddes nyşanydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli ösüşleriň özeninde eziz halkymyzyň bähbidi bardyr. Häzirki wagtda ýurtda amala aşyrylýan özgertmeler we gazanylan netijeler Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesiniň ýaşaýşyň ähli ulgamlarynda dabaralanýandygyny aýdyň subut edýär.

Eziz halkymyzy milli manadymyzyň ýetip gelýän 28 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak babatda ýadawsyz tagallalary alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, belent başy aman bolsun. Alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


Altyn Durdyýewa, Türkmenisanyň “Daýhanbank”

döwlet täjirçilik bankynyň Amallara gözegçilik we

maliýe monitoringi bölüminiň baş hünärmeni