Hormatly talyplar hem-de mähriban ene-atalar!
acmUKXSeLbuWpypO8gDiHd6Xmnh1QBjur3B2UDKyBHObntDPR0_1640782249.jpg
1205
04.02.2022

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär:

«Talyp karzy»  ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara diňe degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär. 

Karzyň möçberi:  42 000 manada çenli;

Göterim derejesi: ýyllyk 5 göterim;

Möhleti: 3 ýyl;

Karzyň üpjünçiligi hökmünde:

  • girew emlägini kabul etmek bilen 42 000 manat möçbere çenli;
  • zamunçylyk esasynda:
         - bir we birnäçe raýatyň zamunlygy bilen 10 000 manat möçbere çenli;
         - iki we birnäçe raýatyň zamunlygy bilen 15 000 manat möçbere çenli;
  •  

           Hormatly talyplar we ene-atalar! Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, «Talyp karzyndan» peýdalanmak isleýän müşderileriniň ýüztutmalaryny we degişli resminamalaryny bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasy arkaly onlaýn görnüşinde kabul edýändigini ýatladýar.


    Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

    Aşgabat şäheri - 38-03-79; 38-02-86; 24-44-55; 24-52-85;

    Ahal welaýat şahamçasy - (8-00-137) 3-34-39;

    Balkan welaýat şahamçasy - (8-00-246) 5-21-51;

    Daşoguz welaýat şahamçasy - (8-00-322) 9-35-07;

    Lebap welaýat şahamçasy - (8-00-422) 9-13-48;

    Mary welaýat şahamçasy  - (8-00-522) 6-76-40.