Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenary boýunça gezelenç hem-de welosipedli ýöriş etdi
i6YXsPa74u9DO9boJIX2X07dj5DtSJr41szG8w65kyXAB0Yhfr_1659772258.jpg
228
04.08.2022

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen ir säherde Hazaryň kenaryna çykyp, birsellem gezelenç edip, welosipedli ýörişi amala aşyrdy, şeýle-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen binýady goýlan sagdyn durmuş ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan işjeň dowam etdirilýär. Bu bolsa köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini şertlendirýär. Bu ýörelgeler döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi.

Ähli möwsümlerde bolşy ýaly, tomus paslynyň ir säheriniň özboluşly gözelligi, hoştap howasy hem-de serginligi ynsan ruhuna ýakymly täsir edýär. Döwlet Baştutanymyz şeýle ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, ogly bilen kenarda birsellem gezelenç etdi. Deňziň kenarynda gezelenç etmegiň saglyk üçin aýratyn peýdalydygyny bellemek gerek.

Soňra hormatly Prezidentimiz ogly Kerimguly bilen bilelikde Awazanyň çägi boýunça welosipedli ýörişi dowam etdi. Ýokary ekologik derejäni saklamak boýunça giň gerimli işleriň geçirilýän ýeri bolan Awazanyň bagy-bossanlygy we ýaşyl örtükli zolaklary dynç alýanlaryň ruhuny göterýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şypaly howasy hem-de dynç alyş amatlyklary türkmen topragynyň bu behişdi künjeginiň şypahana we sport merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Soňky ýyllarda bu ýerde häzirki zaman dynç alyş düzümine degişli ýokary derejeli myhmanhanalar toplumy, şypahanalar gurlup ulanmaga berildi. Ýokary halkara görkezijiler esasynda enjamlaşdyrylan döwrebap sport toplumlary gurlup, olarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak bolýar.

Säher çagynda ajaýyp görnüşi emele getirýän Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarýaka zolagynda welosipedli gezelenç ruhuňy göterýär.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmeginde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde welosiped sportuna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, welosipedli gezelençleriň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmegiň asylly däbiniň başyny başlady. Bu başlangyç watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda yzygiderli guralýan giň gerimli şeýle çärelere uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň ekologik taýdan arassa görnüşi hasaplanýan welosiped sportunyň muşdaklarynyň günsaýyn artýandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýaşdaky adamlar welosiped sürmegi, welosiped sporty bilen meşgullanmagy durmuş kadasyna öwürdi. Bu bolsa köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Welosiped sporty bilen meşgullanmak daşky gurşawyň gözelligini, ajaýyp tebigaty synlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde tebigata aýawly garamak milli özboluşlylygyň aýrylmaz ölçegleriniň biri bolup, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Sport, saglyk we ekologiýa biri-birinden aýrylmaz düşünjelerdir. Ekologik ýagdaý ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň we pudaklaýyn maksatnamalaryň, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň möhüm bölegidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz ogly Kerimguly bilen “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz türgenleşik enjamlarynda maşklary ýerine ýetirip, ýokary ussatlyk derejesini görkezdi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň we bedenterbiýe sagaldyş hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Munuň özi öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň esasy şerti bolup durýar. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly saglygy hemmetaraplaýyn berkitmek bu gün ähli ýaşdaky we hünärdäki adamlary birleşdirýän umumymilli maksada, kuwwatly şerte öwrüldi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça öňe sürlen giň möçberli işler, aýratyn-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak meseleleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan we durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary görkezijiler sportuny wagyz etmek, halkara derejeli iri sport döwleti hökmünde Türkmenistany ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Lukmançylyk ylmynyň tassyklaýşy ýaly, sport maşklary bedeniň ähli agzalarynyň işjeňligini artdyrýar, gujur-gaýratyňy, ruhubelentligiňi ýokarlandyrýar, gan basyşynyň durnuklylaşmagyna hem-de dartgynlylygyň gowşamagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar bedeniň taplanmagynda bolşy ýaly, adam saglygynyň berkidilmeginde hem aýratyn ähmiýetlidir. Sport enjamlarynda berjaý edilýän maşklaryň kada boýunça dürs ýerine ýetirilmeginiň ynsan saglygy üçin peýdasy uly bolýar.

Köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sportda ýokary netijeleriň gazanylmagy, bu babatda türgenleriň döwlet derejesinde höweslendirilmegi möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Şeýlelikde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işgärleriniň, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe-sport hereketine işjeň çekilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Munuň özi ynsan saglygynyň berkidilmeginde bolşy ýaly, adamlaryň döredijilik ruhunyň ýokarlanmagynda hem aýratyn ähmiýetlidir.

Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Bu gün Diýarymyzda sportuň ösüşi täze derejä çykdy. Türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Munuň özi Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny has-da belende göterýär. Medeni-köpçülik çäreleriniň sport bilen utgaşdyrylmagy bolsa ýaşlary has belent netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sport toplumynda dürli maşklary ýerine ýetirip, bu ýerden ugrady.

(TDH 04.08.2022 ý.)